Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetdäki syýasy nämälimlik maýadarlary ynjalykdan gaçyrýar


Ýurtdaky syýasy nämälimlikden alada galan maýadarlar rus kompaniýalaryndaky goýumlaryny yzyna almaga başladylar.
Ýurtdaky syýasy nämälimlikden alada galan maýadarlar rus kompaniýalaryndaky goýumlaryny yzyna almaga başladylar.

4-nji dekabrda bolan dawaly saýlawlardan bäri rus aksiýalary 10 prosentden gowrak aşak gaçdy. Premýer-ministr Wladimir Putin bilen ýakyn gatnaşykdaky firmalar has kän zyýan çekdi.


Adaty günlerde rus kärhanalary üçin premýer ministr Wladimir Putin bilen ýaran bolmakdan gowy zat ýok. Ýöne indi, 4-nji dekabrda bolan dawaly saýlawlardan we köçe protestlerinden soň, ýurtdaky syýasy nämälimlikden alada galan maýadarlar rus kompaniýalaryndaky goýumlaryny yzyna almaga başladylar. Bu ýagdaý ilkinji nobatda Putin bilen ýakyn gatnaşykda bolan kompaniýalara zyýan ýetirdi.

Iň agyr zyýan çeken kompaniýalaryň biri “Nowatek” boldy. Bu kompaniýa premýer-ministriň ýakyn dosty we ynamdar aşnasy Gennadiý Timçenkonyň bölekleýin eýeçiligindedi. “Nowatek” saýlawlardan bäri 10 prosent gymmatyny ýitirmek bilen, Kremle ýakyn aksiýa alyp-satýan kompaniýalaryň içinde iň uly ýitgi çeken kärhana boldy.

FBK konsultasiýa firmasynyň strategiki analiz bölüminiň dirketory Igor Nikolaýew maýadarlar syýasy nämälimlikden dowla düşdüler diýýär: "Maýadarlar muny, adamlaryň saýlawlaryň şeýle derejede galplaşdyrylmagy bilen ylalaşmaýandyklaryny görenlerinden soň, adatdan daşary tersin alamat hökmünde kabul etdiler".

Maýadarlaryň saýlawlardan soňky rahatsyzlygy Orsýetiň aksiýa bazarlaryna mazaly täsir ýetirdi.

Gowuşgynsyzlyk

Synçylar maýadarlaryň ozal syýasy durnuklylygyň kepili hökmünde görlen Putiniň häzirki gowuşgynsyzlygynyň ýurdy çen-çak edip bolmajak ugurlara gönükdirmek ähtimallygyndan alada galýandyklaryny aýdýarlar.

Maýadarlaryň köpüsi syýasy elitanyň arasynda durnuksyzlaşdyryjy syýasy göreşiň ýüze çykmagyndan howatyrlanýarlar we şeýle bolan ýagdaýynda öz çekjek ýitgilerini azaltmaga çalyşýarlar. Şu ýagdaýyň netijesinde saýlawlardan bäri rus rublyna esaslanýan MICEX aksiýa indeksi 10 prosentden gowrak, dollara esaslanýan MSCI Orsýet indeksi 13 prosent aşak gaçdy.

“Otkrityýe Capital” edarasynyň baş strategi Tom Mandi döwlet eýeçiligindäki tebigy gaz mopolisti “Gazpromyň” we durmuş hyzmaty kompaniýalarynyň hem Putiniň tarifleri liberallaşdyrmak planlarynyň howp astyna düşmek ähtimallygy baradaky howatyr astynda agyr zarba uçrandygyny aýdýar. Şeýlelikde, syýasy durnuksyzlygyň korparatiw dolandyryşa nähili täsir ýetirjegi baradaky aladalar esasynda, “Surgutneft” we “Transneft” ýaly nebit kompaniýalary hem zyýan çekdi.

Mandi durnuksyzlyk saklandygyça aksiýalaryň aşaklamasy dowam eder diýýär.

Maýadarlar saýlawlardan soňky protestleriň režimi agdarmagyna garaşmaýarlar. Ýöne Nikolaýew maýadarlaryň ynamlylygy köp derejede häkimiýetleriň özlerine nähili reaksiýa bildirjegine bagly diýýär.

Oppozisiýanyň pozisiýasy

10-njy dekabrda onlarça müň adamy köçä çykarmagy başaran oppozisiýa Döwlet Dumasyna geçirilen saýlawlaryň bikanun hasaplanmagyny we täze saýlawyň bellenmegini talap edýär. Şeýle-de olar hasaba alynmadyk partiýalaryň bäsleşige goýberilmegine rugsat berilmegine çagyrýarlar.

Häkimiýetler bu çagyryşlary ret etdiler, ýöne şu hepdäniň başynda käbir eglişik alamatlaryny hem görkezdiler. Mysal üçin, ozalky maliýe ministri we Putiniň ýakyn ýarany Alekseý Kudrin özüniň liberal partiýa döretmäge gatnaşjagyny aýtdy.

Şu aralykda milliarder Mihail Prohorow hem prezidentlik ugrunda Putin bilen bäsleşige çykjakdygyny yglan etdi. Ýöne onuň hakykatdan hem Putin bilen bäsleşjegi ýa-da munuň oppozisiýany bölmek we bulaşdyrmak üçin Kreml tarapyndan edilýän oýundugy barada dürli pikirler bar.

Moskwda dekabryň 24-nde has uly oppozisiýa ýygnanyşygy planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG