Sepleriň elýeterliligi

Nurmuhammedowlaryň gurluşyk kompaniýasy ýapyldy


Türkmenistanyň ozalky medeniýet we turizm ministri Geldimyrat Nurmuhammedow ýurduň başyndaky syýasy partiýanyň “bikanundygyny” aýdyp, Azatlyk Radiosuna interwýu berenden soň, onuň maşgala agzalaryndan biriniň “Esbap” atly gurluşyk kompaniýasy ýapyldy.

Nurmuhammedowyň aýtmagyna görä, 15-nji dekabrda MHM-niň, Salgyt gullugynyň we Maliýe ministrliginiň resmileri onuň inisi Serdar Nurmuhammedowy özüniň gurluşyk kärhanany ýapmak baradaky degişli görkezme bilen tanyşdyryp, mundan başga goşmaça düşündiriş bermändirler.

Nurmuhammedowyň pikirine görä, bu hereket onuň ýakynda halkara metbugatda eden beýanatlary sebäpli syýasy matlap bilen amala aşyrylan iş bolup durýar.

Käri boýunça hukukçy Geldimyrat Nurmuhammedow Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda Türkmenistanyň medeniýet we turizm ministri bolup işläpdi, türkmen parlamentiniň deputatydy. Ol 2003-nji ýyldan ýakyn wagta çenli "Schlumberger" kompaniýasynyň ýuristi bolup işledi.
XS
SM
MD
LG