Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kairdäki protestlerde azyndan 50 adama şikes ýetdi


Müsüriň paýtagty Kairde polisiýa bilen protestçileriň arasynda bolan çaknyşykda azyndan 50 adamyň ýaralanandygyny aktiwistler habar berýärler.

Protestçiler ýolda duran maşynlary oda berip, hökümet edaralarynyň binalaryny goraýan howpsuzlyk işgärlerine garşy daş zyňypdyrlar. Polisiýa hem 300-e golaý protestçini dargatmak üçin, ýaraglardan howa ot açdy.

Protestçileri tussaglykda saklanýan Abboudi Ibrahim alty aktiwistiň ýenjilendigi baradaky gep-gürrüňler gazaplandyrdy.

Protestçiler üç hepde bäri hökümet binasynyň öňünde ýygnanyp, täze bellenen premýer-ministr Kamal al-Ganzowuryň bina girmegini böwetleýärler.

Demonstrantlaryň nygtamagyna görä, al-Ganzowuri Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubaregiň režiminiň bir bölegi.
XS
SM
MD
LG