Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystandaky protestlerde iki polisiýa işgäri ýaralandy


Gazagystanyň günbataryndaky Žanozen şäherinde protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda azyndan iki polisiýa işgäri ýaralanypdyr. Bu barada ýurduň prokuraturasy habar berýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjy toparlardan gelen maglumatlara görä, polisiýanyň ot açmagynda ençeme demonstrantyň hem ölen bolmagy mümkin. Bu maglumaty häzirlikçe tassyklamak başartmady.

Döwlet eýeçiligindäki “KazMunaiGas” nebit kärhanasynyň ýüzlerçe işgäri ýokary aýlyk hakyny we has oňat iş şertlerini talap edip, protest geçirýärler.

Müňe golaý demonstrant protest geçireni üçin işden kowuldy. Ýöne, muňa garamazdan, protest çäreleri dowam edýär.
XS
SM
MD
LG