Sepleriň elýeterliligi

Erdogan Fransiýany ermeni genosidi baradaky kanuny makullamazlyga çagyrýar


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýip Erdogan prezident Nikolýa Sarkozä ýüzlenip, Fransiýada Osmanly türkleriniň ermenilere garşy genosidi amala aşyrandygynyň inkär edilmegini jenaýat hökmünde kesgitlejek kanuny böwetlemäge çagyrypdyr.

“Anadoly” habar agentliginiň berýän maglumatyna laýyklykda, Erdogan prezident Sarkozä ýollan hatynda “eger-de Fransiýanyň parlamenti bu kanuny makullasa, onda munuň iki ýurduň özara gatnaşyklaryna oňaýsyz täsirini ýetirjekdigini” belläpdir.

Ermenistanyň nygtamagyna görä, Birinji jahan urşy döwründe, Osman imperiýasy dargap başlanda, 1,5 milliona golaý ermeni türkler tarapyndan öldürilipdir.

Türkiýe “genosid” sözüniň ulanylmagyna garşy çykyp, şol döwürde 300 müňden - 500 müň aralygynda ermeniniň, azyndan şonça-da türküň hem ölendigini öňe sürýär.

Fransiýanyň aşaky palatasy bu kanun proýektini 22-nji dekabrda maslahatlaşar.
XS
SM
MD
LG