Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kawkazda meşhur žurnalist atylyp öldürildi


Dagystanda meşhur žurnalisti näbelli bir hüjümçi atyp öldürdi.

Dagystanda hepdelik çykýan “Çernowik” gazetiniň baş redaktory we neşirçisi Hajymurad Kamalow Mahaçgalada öldürildi.

Dagystanyň derňew komitetiniň başlygy Rasul Temirbekow Kamalowyň öldürilmegi bilen bagly birnäçe mümkinçiligiň, şol sanda onuň professional işiniň hem öwrenilýändigini aýtdy.

“Çernowik” neşiri esasan polisiýanyň yslamçy söweşijilere garşy alyp barýan göreşinde amala aşyrýan kanun bozmalary barada giňden maglumat berýärdi.

Dagystanda Kamalowa bolşy ýaly hüjümler ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Resmiler muny Kawkaz regionynda yslam döwletini döretmek isleýän söweşijileriň amala aşyrýandygyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG