Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow: Türkmenistanda köppartiýalylyk döräp biler


Ýakyn geljekde Türkmenistanda köppartiýalylyk sistemasy döräp biler diýlip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň Demokratik partiýasynyň 20 ýyllygy mynasybetli eden ýüzlenmesinde aýdylýar.

Emma Berdimuhamedow 2010-njy ýylyň fewralynda Baýdak baýramy we diplomatlaryň güni mynasybetli eden çykyşynda hem, eger isleg bolsa, 2010-njy ýyldan başlap, syýasy partiýalaryň hasaba alnyp biljekdigini aýdypdy.

Ýerli synçylaryň berýän maglumatlarynda görä, häzirki wagtda ýurtda syýasy partiýa döretmek isleýänlere böwet döredilýär, şeýle hem syýasy partiýalary döretmek baradaky kanun köpçülige elýeterli däl.
XS
SM
MD
LG