Sepleriň elýeterliligi

Prezidentlige hödürlenen ilkinji kandidat – Berdimuhamedow


Gurbanguly Berdimuhamedow

Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanda geljek ýyl boljak prezident saýlawlaryna ilkinji dalaşgär 15-nji dekabrda hödürlendi. Ol häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow.


13-nji dekabrda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezident saýlawlaryna kandidatlaryň hödürlenip başlanýanydygyny yglan etdi.

15-nji dekabrda Türkmenistanyň umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, aýallar, ýaşlar, uruş weteranlary, kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň bilelikdäki 8-nji maslahaty geçirildi. Prezidentliginiň bäş ýylynda ýurtda amala aşyrylan işler barasynda durup geçen Berdimuhamedow öz çykyşynda geljekde etjek käbir işlerini-de aýtdy.

Berdimuhamedow öz çykyşynda umumymilli “Galkynyş” hereketini ýatyrmagyň, onuň düzümine girýän guramalaryň işini döwrüň talabyna görä üýtgedip gurmagyň zerurdygyny aýtdy. Prezidentiň bu teklibini Berdimuhamedowyň sözlän sözi boýunça çykyş edenler biragyzdan goldadylar. Şeýlelikde Dempartiýanyň başlygy Türkmenistanda umumymilli “Galkynyş” hereketiniň ýatyrylýandygy baradaky karara gol çekdi.

Ondan soň maslahatda umumymilli “Galkynyş” hereketine girýän guramalaryň adyndan Türkmenistanyň prezidentligine kandidat hödürlemek başlandy. Çykyş edenler Gurbanguly Berdimuhamedowyn bäş ýylda bir asyrlyk iş bitirendigini nygtamak bilen, onuň kandidaturasyny teklip etdiler. Her çykyşyň yzy “Arkadag” sözüni dürli epitetler bilen aýtmak arkaly el çarpyşmalara utgaşyp gitdi.

Maslahatda umymymilli “Galkynyş” herektine giren guramalaryň Berdimuhamedowy Türkmenistanyň prezidentligine kandidat hödürlemek baradaky bilelikdäki karary sese goýlup, kandidaty hasaba aldyrmak üçin bu karary Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasyna ugratmak karar edildi.

Berdimuhamedow maslahata gatnaşanlara özüni goldanldyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýlelikde Türkmenistanda geljek ýyl geçiriljek saýlawlara bir kandidat resmi taýdan hasaba alyndy we bar.

“Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary baradaky” şu ýyl kabul edilen kanuna laýyklykda, saýlawlarda alternatiw kandidatlar bolup biler. Şu ýylyň 8-nji iýulynda geçiren giňişleýin hökümet maslahatynda eden çykyşynyň bir ýerinde Gurbanguly Berdimuhammedow muny tassyklapdy.

Ýöne 15-nji dekabrda geçirilen maslahatda-da, Merkezi saýlaw komissiýasynyň 13-nji dekabrda geçirilen maslahatynda-da bolmagy mümkin indiki kandidatlar barasynda hiç zat aýdylmady. Bu prezident saýlawlaryna diňe bir kandidatyň gatnaşdyryljakdygyny aňladýarmy? Sorag şundan ybarat.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG