Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Putin protestçileri hem öwdi, hem ýamanlady



Putiniň joşgunly çykyşy güýçli el çarpyşmalar bilen garşylansa-da, ol öz hökümdarlygyndan dörän, Kremle garşy protestlere getiren närazylygy köşeder diýen tamany ödemedi.

Putiniň joşgunly çykyşy güýçli el çarpyşmalar bilen garşylansa-da, ol öz hökümdarlygyndan dörän, Kremle garşy protestlere getiren närazylygy köşeder diýen tamany ödemedi.


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin penşenbe güni telewideniýede telefon arkaly berlen soraglara jogap berip, halka eden ýüzlenmesinde oppozision protestçileri bir tarapdan öwse, bir tarapdan masgaralady. Ol Günbatary hem Orsýetiň içerki işlerine goşulmakda aýyplady.

Putiniň joşgunly çykyşy güýçli el çarpyşmalar bilen garşylansa-da, ol öz hökümdarlygyndan dörän, Kremle garşy protestlere getiren närazylygy köşeder diýen tamany ödemedi.

Premýer-ministr ilki parahatçylygy saklandyklary üçin protestçileri taryplady:

—Adamlar ýurtda bolup geçýän zatlar, ykdysady, sosial, syýasy ýagdaýlar barada öz pikirlerini beýan etjek bolsalar, kanuny hem ýerine ýetirseler, bu bir adaty zat. Men muny möhüm hasaplaýaryn. Telewideniýede köplenç ýaşlaryň, aktiw adamlaryň öz pikirlerini aýdyň beýan edişini gördüm. Bu meni begendirýär. Putiniň režiminiň beren netijeleri şu bolsa, onda bu gowy zat.

Şondan soň Putin özüniň şol öňki ýaňsyly, kinaýaly sözlerine başlady. Ol protestçileriň käbirine bu üýşmeleňlere gatnaşmaklary üçin pul berlendigini, olaryň oppozisiýa tarapyndan manipulirlenendigini aýtdy.

Tanymal oppozision ýolbaşçy Ýewgeniýa Çirikowanyň garaýşyça, Putin halkdan “gülkünç” ýagdaýda arany açypdyr:

—Bu, ine, soňuň başlangyjy. Men bu ýagdaýlar bilen belli bir derejä çenli tanyş. Men 35 ýaşymda. Kiçijik gyzkam ejemiň, kakamyň sowet ýolbaşçysy Leonid Brežnewiň çykyşlaryna gülenini görenim ýadymda. Indi hem iki çagam meniň Putiniň çykyşlaryna gülýänimi görýärler. Bu indi basym tamamlanmaly. Ol bizi asla äsgerenok.

Täze protestler planlaşdyrylýar

Oppozisiýa 4-nji dekabrda geçen jedelli saýlawlar güýçsüz hasap edilip, täze saýlawlaryň geçirilmegini talap edýär. Olar şeýle-de saýlaw komissiýasynyň ýokary derejeli işgärlerini wezipeden boşatmaga çagyryp, ençeme oppozision partiýanyň saýlawa goşulmagynyň öňüne böwet bolan çäklendirmeleriň ýatyrylmagyny talap edýärler.

Oppozisiýa, bu iş edilmedik ýagdaýynda, köp adamy köçelere çykaryp, 24-nji dekabrda 50 müň protestçini Moskwanyň merkezine üýşürmegi umyt edýär. Ýöne Putin saýlawlaryň netijeleri galplaşdyryldy diýilýäni kabul edenok:

—Meniň pikirimçe, saýlawyň netijeleri, hiç bir şübhesiz, ýurtdaky güýçleriň ýagdaýyny görkezýär. Hakimiýet başyndaky güýç, “Bütewi Orsýetiň” käbir goldawy elden bermegi adatdan daşary zat däl. Biz örän çylşyrymly bir krizis döwrüni başdan geçirdik. Görüň, beýleki ýurtlarda nämeler bolup ýör.

Putin partiýalaryň aňsatlyk bilen hasaba alynmagyna ýol beriljekdigini duýdurdy. Regionlaryň gubernatorlaryny hem Kreml bellemeli däl, olar saýlanmaly. Ýöne bu iş syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenen kandidatlar prezident tarapyndan oňlanansoň bolmaly.

Syýasy baha beriş merkeziniň işgäri Pawel Saliniň pikiriçe, bu jogaplar bir düýpli zatlar däl:

—Adaty ýazgylary çalşyrdylar. Ýöne olar hakyky dialog geçirip, hakyky eglişigi çynlakaý islýändiklerini halka ynandyrmak üçin ikinji ädimi ätmeli. Olar bu meselede meni asla ynandyryp bilmediler. Gubernatorlar barada aýdylan zatlar ýa-da oppozision partiýalar hasaba alynsa, begenjekdigi, bular çyn ýürekden aýdylan zatlar däl. Men olaryň bu zatlary iş ýüzünde nädip amala aşyrjakdyklaryny eşidemok. Ädilen birinji ädim kosmetiki özgerişler, usulyň formatyny üýtgetmek. Ýöne ikinji ädim, ýagny eglişik baradaky zatlar, meni ynandyranok.

“Mart aýyna planlaşdyrylan prezidentlik saýlawlarynda ýeňen ýagdaýyňyzda-da bu sorag-jogap duşuşyklaryny dowam etdirermisiňiz?” diýen soraga Putin: “Biz on ýyl bäri duşuşýarys. Bu formaty, elbetde, dowam etdireris” diýip jogap berdi.
XS
SM
MD
LG