Sepleriň elýeterliligi

Ozalky dissident we çeh prezidenti Hawel aradan çykdy


Hawel 1989-njy ýylda Çehoslowak kommunizmini agdaran “Mahmal rewolýusiýa” ýolbaşçylyk etdi.

Hawel 1989-njy ýylda Çehoslowak kommunizmini agdaran “Mahmal rewolýusiýa” ýolbaşçylyk etdi.

Dünýä belli dramaturg we dissident, Çehoslowakiýada kommunizmiň soňlanmagyna kömek eden Waslaw Hawel 75 ýaşynda aradan çykdy.

Onuň edarasy Haweliň şu gün irden, demirgazyk Bohemiýadaky Hradesek obasyndaky jaýynda, uzaga çeken keselçilikden soň ýogalandygyny aýtdy.

Hawel 1989-njy ýylda Çehoslowak kommunizmini agdaran “Mahmal rewolýusiýa” ýolbaşçylyk etdi.

Waslaw Hawel 1989-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Praganyň Wenseslas meýdançasyna ýygnanan 300 müňden gowrak adama ýüzlenip, şeýle diýipdi:

—Biz azat, demokratik we abadançylykly Çehoslowakiýada ýaşamak isleýäris. Biz Ýewropa dolanmak isleýäris we biz hiç wagt, gelýän günlerde her näme bolsa-da, öz ideallarymyzdan el çekmeli däldiris.

Wideo: Waslaw Haweliň SSSR-iň dargamagy barada Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusyndan, 2011-nji ýyl.

Çehoslowakiýanyň “Mahmal rewoýusiýasy” şondan alty gün öň, polisiýa tarapyndan zorluk bilen dargadylan parahat student protestleri bilen başlanypdy. Şondan soňky günlerde ýüzlerçe müň çeh we slowak parahatçylykly demonstarsiýa geçirmek üçin köçelere çykdy.

Şol ýylyň aýagynda Hawel Çehoslowakiýanyň demokratiki esasda saýlanan ilkinji prezidenti boldy. 40 ýyllyk kommunizm tamam boldy.

—Biraz öň men Federal Assambleýa tarapyndan biragyzdan öz respublikamyzyň prezidentligine saýlandym. Çehler, slowaklar, beýleki milletlerden bolan adamlar, goldawyňyz üçin hämmiňiz sag boluň. Men siziň özüme bildiren ynamyňyzy puç etmejegme söz berýärin we men bu ýurdy azat saýlawlara tarap äkiderin—diýip, Hawel aýdypdy.

Waslaw Hawel 1936-njy ýylyň 5-nji oktbýarynda, baý maşgalada dünýä inýär. 1948-nji ýylda döwlet agdarylyşygy netijesinde häkimiýet başyna gelen kommunistler bu maşgalanyň emläginiň köp bölegini konfiskasiýa edýär we Haweliň ýokary bilim almagyna köp päsgelçilik döredýär. Kommunist režim Haweliň eserlerini gadagan edip, onuň özüni 5 ýyl türmede saklapdy.

Hawel döwlet ýolbaşçysy hökmünde öz ýurdunuň demokratiýa we bazar ykdysadyýetine geçişine we 1993-nji ýylda parahatçylyk bilen Çehiýa we Slowakiýa bölünmegine ýolbaşçylyk etdi.

Hawel garaşsyz Çeh respublikasynyň ilkinji prezidenti bolup, iki möhlet, 2003-nji ýyla çenli prezident boldy.

Çehiýanyň prezidenti Waslaw Klaus bu gamgyn habardan soň Praga galasynda gurnalan metbugat ýygnagynda şeýle diýdi:

— Waslaw Hawel häzirki zaman çeh döwletiniň simwolyna öwrüldi. Ol, kommunist diýdimzorlugyna garşy gaýduwsyz göreşi we mahmal rewolýusiýamyzyň baştutany bolmak bilen, biziň azat ýurdumyzyň ilkinji prezidenti bolup, çeh döwletiniň döredilmeginde esasy roly oýnady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG