Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky granat hüjümi 18 adamy ýaralady


Polisiýa Owganystanyň gündogaryndaky Host şäherinde şu gün bir adamyň polisiýanyň maşynyna granat zyňmagy netijesinde azyndan 18 adamyň ýaralanandygyny aýdýar.

Host welaýat polisiýasynyň sözçüsi Mir Akbar Maňal ol adamyň gaçmazyndan öň mähelleli bazar meýdançasynda polisiýanyň maşynyna azyndan iki granat zyňandygyny aýdýar.

Owganystanda granat hüjümleri seýrek bolýar, ýöne bu soňky 48 sagatdan az wagt içinde ýurduň polisiýasynyň sezewar bolan ikinji granat hüjümidir.
XS
SM
MD
LG