Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde çöken burawda dört adam öldi, 49 adam dereksiz ýitdi


Orsýetden gelýän habarlarda Orsýetiň uzak gündogar adasy bolan Sahalinde ýüzýän nebit burawlaýjy platformanyň agdarylmagy we çökmegi bilen dört adamyň ölüp, 49 adamyň dereksiz ýitendigi aýdylýar.

Kolskoýe nebit platformasy şu gün irden, güýçli ýelli we sowuk aýazly howada heläkçilige uçranda kenardan 200 km uzaklykda eken.

Habarlarda ol ýerde jemi 67 ekipaž agzasynyň bolandygy aýdylýar.

Resmileriň ekipaž agzalarynyň 14-sini Kolskoýe platformasynyň döwük-enjikleriniň arasyndan halas edendigi aýdylýar. Ýöne beýleki agzalaryň ykbaly belli däl.
XS
SM
MD
LG