Sepleriň elýeterliligi

Nurmuhammedowlaryň gurluşyk firmasy ýapyldy


Türkmenistanyň ilkinji medeniýet we turizm ministri, türkmen parlamentiniň öňki deputaty Geldimyrat Nurmuhammedow

Türkmenistanyň ilkinji medeniýet we turizm ministri, türkmen parlamentiniň öňki deputaty Geldimyrat Nurmuhammedow

Türkmenistanyň ozalky medeniýet we turizm ministri, türkmen parlamentiniň öňki deputaty Geldimyrat Nurmuhammedow metbugatda cykyş edenden soň, türkmen hökümetiniň özüne basyş görkezip başlandygyny aýdýar.

59 ýaşly Nurmuhammedowyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 15-nji dekabrda onuň maşgala agzalaryna degişli “Esbap” gurluşyk kompaniýasy resmiler tarapyndan ýapylypdyr, edara jaýlary we ammarlary möhürlenipdir.

Nurmuhammedow ýakynda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugyna beren interwýusynda Türkmenistanda geljek ýylyň 12-nji fewralynda geçirilmeli saýlawlar boýunça özüniň aladasyny bildiripdi.

1992-95-nji ýyllar aralagynda Türkmenistanyň medeniýet we turizm ministri bolup işlän Nurmuhammedow raýatlaryň öňde duran prezidentlik saýlawlaryna onçakly bir oňaýly garamaýandygyny, şeýle-de ýurtda ýeke-täk hasaba alnan Demokratik partiýanyň “saýlawlarda hilegärlik üçin ulanylýandygyny” hem belläp geçipdi.

Nurmuhammedow Türkmenistanda parlamentiň, ýagny Mejlisiň hiç hili möhüm rol oýnamaýandygyny hem nygtady. Şeýle-de ol ýurduň häzirki hökümetiniň ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlanan syýasaty dowam etdirýändigini-de aýdyp geçdi.

Ozalky deputat Nurmuhammedowyň sözlerine laýyklykda, Nyýazow döwri “adam hukuklary, demokratiýa diýen düşünjeler, adalatly, päk saýlawlaryň bolmagy diýlen zatlaryň köpüsi gömülipdir”.

Nurmuhammedowyň 16-njy dekabrda beren maglumatyna görä, MHM-niň, Salgyt gullugynyň we Maliýe ministrliginiň resmileri onuň inisi Serdar Nurmuhammedowy özüniň gurluşyk kärhanasyny ýapmak baradaky degişli görkezme bilen tanyşdyryp, mundan başga goşmaça düşündiriş bermändirler. Nurmuhammedowyň pikirine görä, bu hereket onuň ýakynda halkara metbugatynda eden beýanatlary sebäpli syýasy matlap bilen amala aşyrylan çäre bolup durýar.

Käri boýunça hukukçy Geldimyrat Nurmuhammedow Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda Türkmenistanyň medeniýet we turizm ministri bolup işläpdi, şol bir wagtyň özünde hem türkmen parlamentiniň agzasydy. Ol 2003-nji ýyldan ýakyn wagta çenli "Schlumberger" kompaniýasynyň ýuristi bolup işledi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG