Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ir aradan çykdy


Duşenbe güni irden Demirgazyk Koreýanyň döwlet telewideniýesi bu ýurduň awtoritar lideri Kim Çen Iriň ölendigini habar berdi.

Agy bilen bu habary yglan eden telewideniýäniň diktory 69 ýaşly Kim Çen Iriň 17-nji dekabrda önümçilik meýdanyna barýarka, ýolda tarpa-taýyn aradan çykandygyny mälim etdi.

Kim Çen Ir öz kakasy Kim Ir Seniň ölüminden soň, 1994-nji ýylda häkimiýet başyna gelipdi.

Onuň ýigrimi ýyla golaý wagtlap ýurda liderlik eden döwri Demirgazyk Koreýanyň öz ýadro programmasyny ösdürmegi bilen alamatlandy.

Bu programma bolsa, Demirgazyk Koreýanyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan izolýasiýa salynmagyna hem-de ýurduň ykdysady taýdan çakdanaşa garyplaşmagyna getirdi.
XS
SM
MD
LG