Sepleriň elýeterliligi

Siriýada bolan çaknyşyklarda bärsinden 20 adam heläk boldy


Siriýada bazar güni howpsuzlyk güýçleri bilen Başar al-Assadyň garşydaşlarynyň arasynda bolan çaknyşyklarda bärsinden 20 adam heläk boldy.

Ýurduň demirgazygyndaky El-Kuseýr şäherinde goşun bölümleri bilen oppozisiýanyň tarapyna geçen harbylaryň arasyndaky söweşde bärsinden alty harby gullukçynyň ölendigini adam hukuklaryny goraýjylar habar berýärler.

Olaryň maglumatyna görä, Türkiýe bilen serhetdeş Idlib welaýatynyň ençeme obasynda-da çaknyşyklar bolupdyr.

Homs we Idlib welaýatlarynda demonstrasiýaçylar dargadylanda parahat ilatdan 14 adamyň ölendigini-de adam hukuklaryny goraýjylar habar berýärler.

Ýurtda tolgunyşyklar başlanaly bäri bäş müňden gowrak adam heläk boldy.

Hepdäniň şenbe güni Arap döwletleri ligasy Damaska nobatdaky ultimatumy ýollady. Onda hepdäniň çarşenbe gününe çenli halkara synçylary ýurda goýbermek talapy bilen Siriýa ylalaşmasa, Arap döwletleri ligasynyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýüz tutjakdygy nygtalýar.
XS
SM
MD
LG