Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde prezidentlige dalaşgärler hasaba alynýar


Şu gün Kompartiýanyň lideri Gennadiý Zýuganowyň Orsýetiň prezidentligine kandidat hökmünde gatnaşýandygy baradaky dokumentlerini Merkezi saýlaw komissiýasyna tabşyrmagyna garaşylýar.

Hepdäniň ikinji güni Merkezi saýlaw komissiýasynyň dalaşgärlerden dokument kabul etmek möhleti tamamlanýar. Şol gün “Ýabloko” partiýasyny dörediji Grigoriý Ýawlinskiniň saýlawlara gatnaşjakdygy baradaky dokumentlerini tabşyrmagyna garaşylýar.

Ýawlinskiý we öz kandidaturasyny hödürlän ýene bäş adam, şol sanda telekeçi milliarder Mihail Prohorow 18-nji ýanwara çenli özüni dalaşgär hökmünde hasaba aldyrmak üçin iki million adamyň goluny ýygnamaly bolar.

Zýuganow we Döwlet Dumasyndaky beýleki üç partiýanyň liderleri - Wladimir Putin, Sergeý Mironow we Wladimir Žirinowskiý gol ýygnamakdan azat edildi.

Orsýetde prezident saýlawlary geljek ýylyň 4-nji martynda geçiriler.
XS
SM
MD
LG