Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagt Kiýewde ÝB-Ukraina sammiti geçirilýär


Şu gün Kiýewde ÝB-Ukraina sammiti geçirilýär. Duşuşykda Ukrainanyň ÝB goşulmagy baradaky ylalaşygy taýýarlamak barada maslahat ediler.

Şol ylalaşyk, hususan-da, erkin söwda zolagyny döretmegi göz öňünde tutýar.

Sammite gatnaşmak üçin Ýewropa Geňeşiniň başlygy Herman wan Rompuý, Ýewrokomissiýanyň başlygy Žoze Manuel Borroso Kiýewe geler.

Köp synçylar sammitiň netijesi boýunça hiç bir dokumente gol çekilmejekdigini çaklap, onuň geljegine ynamsyzlyk bilen garaýarlar.

ÝB-niň Kiýewdäki wekili ýakynda öňki premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň we öňki içeri işler ministri Ýuriý Lusenkonyň syýasy äheňler bilen yzarlanyp, suda çekilendigini aýtdy we syýasy reformalaryň ýokdugy üçin Ukrainanyň häkimiýetlerini tankytlady.
XS
SM
MD
LG