Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýanyň Kim Çen Iri öldi


Şu gün irden Demirgazyk Koreýanyň döwlet telewideniýesiniň diktory bu ýurduň awtoritar lideri Kim Çen Iriň ölendigi baradaky habary agy bilen yglan etdi.



Telewideniýäniň diktory Kim Çen Iriň 17-nji dekabrda önümçilik meýdanyna barýarka, ýolda tarpa-taýyn aradan çykandygyny mälim etdi.

Bu habar ýadro ýaragyna eýelik edýän Demirgazyk Koreýanyň indi Kim Çen Irsiz täze bir nämälimlik eýýamyna gadam basýandygyny aňladýan bir habar boldy we onuň goňşy ýurtlarynda aladalary artdyrdy.

69 ýaşly Kim Çen Iriň ýigrimi ýyla golaý wagtlap gazaply syýasat bilen ýurda liderlik eden döwri Demirgazyk Koreýanyň öz ýadro programmasyny ösdürmegi bilen alamatlandy. Bu programma hem Demirgazyk Koreýanyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan izolýasiýa salynmagyna hem-de ýurduň ilatynyň çakdanaşa garyplyk bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna getirdi.

Döwlet lideriniň ölümi indi liderlik kürsüsine Kim Çen Iriň iň kiçi ogly we halkara arenasynda az tanalýan Kim Çen Unuň geçmeginiň mümkindigi barada çaklamalary-da döretdi. Şu gün Demirgazyk Koreýanyň KCNA resmi habar agentligi Kim Joň Iriň kiçi ogluny “beýik oruntutar” hem-de “partiýanyň, goşunyň we halkyň deňsiz-taýsyz lideri” diýip wasp etdi.


Wideo: Demirgazyk Koreýa, 19-njy dekabr.

Ýöne, beýleki tarapdan, döwlet lideriniň ölümi baradaky habaryň iki gün gijikdirilip berilmegi Kim Çen Iriň maşgala dinastiýasy bilen baglanyşykly meseleleriň kynçylyklardan halas däl bolmagy mümkin diýen garaýyşlary döretdi.

1942-nji ýylyň 16-njy fewralynda doglan Kim Çen Ir Demirgazyk Koreýa liderlik eden öz kakasy Kim Ir Seniň ölüminden soň, 1994-nji ýylda häkimiýet başyna gelipdi.

Kim Çen Ir şol döwürde “rewolýusion işi dowam etdiriji beýik oruntatar” diýlip atlandyrylan-da bolsa, häkimiýet başyna gelmezinden öň Kim Çen Ir sigar çekmegi, konýak içmegi we gymmat naharlanmagy halaýan pleýboý ýigit hökmünde tanalýardy.

Kim Çen Iriň ýurda ýolbaşçylyk eden ýyllary Demirgazyk Koreýanyň ykdysady taýdan iň bir pese gaçan döwri hökmünde alamatlandy. Takmynan hasaplamalara görä, 1990-njy ýyllarda bu ýurtda açlyk sebäpli bir milliona golaý adam ölüpdi.

2008-nji ýylda beýnä gan inmekden ejir çeken Kim Çen Ir, maglumata görä, şu geçen şenbe güni, 17-nji dekabrda otluda barýarka ýürek infarkty netijesinde tarpa-taýyn aradan çykypdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG