Sepleriň elýeterliligi

Goşa raýatlyk meselesi ýene üns merkezinde


Orsýet Türkmenistanyň raýatlaryna käbir şertler esasynda ors pasportlaryny bermek işini dowam etdirýär.

Orsýet Türkmenistanyň raýatlaryna käbir şertler esasynda ors pasportlaryny bermek işini dowam etdirýär.

17-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin resmi beýannama ýaýradyp, Orsýetiň metbugatynda goşa raýatlyk barada çap bolan maglumatlardan resmi derejede nägilelik bildirdi.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Orsýetiň metbugatynda goşa raýatlyk barada çap bolan maglumatlaryň “hakykata hiç bir dahylynyň ýokdugyny” aýdýar.

Daşary işler ministrliginiň habar serişdeleri üçin ýaýradan resmi beýannamasynda Orsýetiň käbir habar serişdelerinde çap edilen maglumatlaryň “olaryň awtorlarynyň habarsyzlygyny ýa-da olaryň ýagdaýy bilgeşleýin galplaşdyrýanlygyny görkezýar” diýlip bellenilýär.

Näme üçin häzir?

Moskwada ýerleşýän “Syýasy informasiýa merkeziniň” müdiri Alekseý Muhin uzak wagt bäri dowam edýän goşa raýatlyk problemasynyň daşyndaky diskussiýalaryň häzir janlanmagyny Türkmenistanda prezidentlik saýlawlarynyň golaýlamagy bilen baglanyşdyrýar:

—Bu temanyň gozgalmagy, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ýene bir gezek nygtamak isleýän türkmen elitasy üçin hem-de goşa raýatlyk bilen bagly problemalara Orsýetiň hökümetiniň ünsüni çekmek isleýän ors jemgyýetçiligi üçin ähmiýetli. Şeýle-de bu gapma-garşylyk saýlawlardan öňki kampaniýa bilen baglylykda hem bat alýar.

Soňky döwürde Orsýetiň “Rosbalt” we “Regnum” habar agentliklerinde hem-de halkara habar serişdeleriniň birnäçesinde çap bolan maglumatlarda türkmen häkimiýetleriniň goşa raýatlygy bolan adamlara Türkmenistanyň täze milli pasportyny bermekden dürli bahanalar bilen ýüz öwürýänligi habar berildi. Şeýlelikde ors pasportly türkmen raýatlarynyň ýakyn wagtda Türkmenistandan çykmak mümkinçiligini ýitirjekdikleri aýdyldy. Şeýle-de goşa raýatlygy bar adamlaryň işden boşadylmagy bilen bagly wakalaryň köpelenligi habar berlipdi.

Şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň halkara aeroportlarynda peýda bolan resmi bildirişlere görä, 2013-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna uçar biletleri diňe täze daşary ýurt pasporty esasynda satylar.

Türkmenistanyň we Orsýetiň pasportlaryna eýe bolan we täze türkmen pasportyny alyp bilmän kösenýän türkmenistanlylaryň biri Natalýa Şabunsyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol özüne pasportyň berilmeýänliginiň sebäbini düşündirýän resmi we hat görnüşli düşündiriş almaga synanyşýar. Emma ol köp sanly arza-şikaýatlaryna henize çenli resmi jogabyň bolmanlygyny aýdýar.

Bir taraplaýyn ratifisirlendi

Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky goşa raýatlyk ylalaşygy 1993-nji ýylyň dekabr aýynda baglaşylyp, 1995-nji ýylyň 18-nji maýynda güýje girizilipdi.

2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistan we Orsýet goşa raýatlyk düzgünini ýatyrmak barada ylalaşyga geldiler. Şol ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistan bu kararyny parlament derejesinde makullap ratifisirledi. Orsýet bu ylalaşyga gol çeken hem bolsa, ony häzire çenli ratifisirlemän gelýär. Orsýet Türkmenistanyň raýatlaryna käbir şertler esasynda ors pasportlaryny bermek işini dowam etdirýär.

Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky ylalaşyk güýjünde bolan döwri goşa raýatlyga eýe bolan adamlaryň iki ýurduň pasportlaryndan deň derejede peýdalanmagyny çäklendirýän islendik düzgüniň bikanundygyny bilermenler belleýärler. Türkmenstanly ýurist Ýewgeniý Greçuhiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, “Türkmenistanyň kanunlarynda goşa raýatlyga eýe bolan şahslaryň hiç bir hak-hukuklarynyň çäklendirilmegi göz öňünde tutulmaýar”.

Türkmenistanyň prezidenti 23-nji dekabrda Orsýet Federasiýasyna sapar eder. Orsýetli analitik Alekseý Muhin türkmen-ors gepleşiklerinde goşa raýatlyk meselesini taraplaryň energiýa meseleleriniň üstünde söwdalaşmak üçin gural hökmünde ulanmaklarynyň ähtimaldygyny belleýär.

Resmi maglumatlara görä, türkmen-ors gepleşikleriniň gün tertibinde söwda-ykdysady we gumanitar meseleler maslahat ediler.

Moskwadaky gepleşiklerde garaljak meseleler barada jikme-jik maglumatlary Türkmenistanyň we Orsýetiň DIM-lerinden alyp bolmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG