Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda prezidentlik saýlawlary mashalat edildi


Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna bagyşlanylyp, ýörite maslahat geçirildi.

Oňa Daşary işler ministrliginiň resmileri bilen birlikde daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň resmileri-de gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň resmileri 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň milli kanunçylyga we halkara kanunçylyk normalaryna laýyklykda, ýokary derejede guramaçylykly geçiriljekdigini nygtadylar.

Bu prezidentlik saýlawlaryna häzirlikçe diňe prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dalaşgär hökmünde resmi hasaba alyndy.
XS
SM
MD
LG