Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak şäherinde 2 müňe golaý protestçi demonstrasiýa geçirdi


Şu gün Gazagystanyň Aktau şäherinde 2 müňe golaý protestçi ýakynda Žanaozen şäherinde bolan wakalar bilen baglanyşykly protest demonstrasiýasyny geçirdi.

Protestçiler ýurduň häkimietlerinden Žanaozen şäherindäki ýörite güýçleriň bu şäherden çykarylmagyny talap etdiler. Şeýle-de, olar bu şäherde girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň-de ýatyrylmagyna çagyryş etdiler.

Geçen hepdäniň anna güni nebitçileriň şäheri hasaplanylýan Žanaozende polisiýa güýçleriniň protestçilere garşy ýarag ulanmaklary netijesinde azyndan 14 adam ölüp, 80 töweregi adam ýaralandy.

Şol wakanyň yzy bilen Gazagystanyň häkimiýetleri Žanaozen şäherinde adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizdiler. Häkimiýetler şäherdäki ýagdaýyň indi kadalaşýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG