Sepleriň elýeterliligi

Çehiýalylar Hawel bilen hoşlaşyk ýas çäresine gatnaşýarlar


Şu gün Çehiýanyň raýatlary Pragada ýurduň ozalky prezidenti we tanymal syýasy dissidenti Waslaw Hawel bilen hoşlaşyk ýas çäresine gatnaşýarlar.

Waslaw Hawel ýekşenbe güni irden 75 ýaşynyň içinde agyr keselden aradan çykdy.

1989-njy ýylda Waslaw Haweliň liderlik eden “Mahmal rewolýusiýasy” Çehiýa respublikasynda kommunistik režimiň synmagyna getiripdi.

Şol wakalaryň yzy bilen, ol demokratik Çehoslowakiýanyň ilkinji prezidenti bolupdy.

Şu gün Waslaw Haweliň tabydy hoşlaşyk çäresi üçin Praganyň medeni merkezinde goýuldy.

Ýerli media onuň şu hepdäniň anna güni jaýlanjakdygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG