Sepleriň elýeterliligi

Orsýetdäki platforma helakçilgi: 10 adamyň jesedi tapyldy


Şu gün Orsýetiň halas ediş toparlary ýekşenbe güni Sahalin adasynyň golaýynda deňze agdarylan nebit platformasynyň işgärlerinden azyndan 10-synyň jesedini suwdan çykardylar.

Ýekşenbe güni deňizde dörän güýçli tupan deňizdäki “Kolskaýa” atly nebit platformasynyň suwa agdarylmagyna getiripdi.

Orsýetiň mediasy bu heläkçililigiň ýüze çykan wagty nebit platformasynda 67 sany işgäriň bolandygyny habar berýär. Maglumata görä, heläkçiligiň edil yzýany bu işgärlerden 14-si halas edilipdir.
XS
SM
MD
LG