Sepleriň elýeterliligi

Yragyň wise-prezidentine ýurtdan çykmak gadagan edildi


Şu gün Yragyň Ýokary sudy bu ýurduň wise-prezidenti Tarik al-Haşime ýurtdan çykmaklygy gadagan etdi.

Şenbe güni wise-prezident Tarik al-Haşiminiň üç sany janpenasy tussag edildi. Bagdat şäheriniň howpsuzlyk gullugynyň metbugat sekretary general-maýor Kassim Atta bu üç adamyň terrorçylyk işlerine dahyllylykda güman bildirilip tussag edilendigini mälim etdi.

Bu wakalar bilen baglanyşykly “Irakiýa” atly syýasy blogyň agzalary wise-prezident Tarik al-Haşim bilen premýer-ministriň orunbasary Saleh al-Mutlak hem soraga çekildi.
XS
SM
MD
LG