Sepleriň elýeterliligi

Siriýa ýurda daşary ýurtly synçylary goýbermäge razylaşdy


Şu gün Siriýanyň resmileri bu ýurda daşary ýurtly synçylary goýbermek barada ýörite protokola gol çekdiler.

Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Moallem bu protokola şu gün Arap Ligasynyň Kairdäki baş edarasynda gol çekilendigini mälim etdi.

Soňky wagtlar Arap Ligasynyň basyşlaryna garamazdan, Siriýa bu protokola gol çekişlik çäresini yza süýşürip gelipdi.

Arap Ligasy Siriýadaky protestçilere garşy häkimiýetleriň güýç ulanmagy bilen bagly wakalara gözegçilik etmek üçin bu ýurda synçylar toparyny ýollamaklygy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG