Sepleriň elýeterliligi

ABŞ D.Koreýanyň ‘parahatçylygy’ saýlajagyna umyt baglaýar


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Iriň ölüminden soň, bu ýurduň "parahatçylyk ýolundan" gitjegine ABŞ-nyň umyt baglaýandygyny aýtdy.

Eger Koreý ýarym adasynda ýadrosyz zolak döretmek ugrunda Demirgazyk Koreýanyň täze ýolbaşçylary anyk ädimler ätse, ABŞ Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy boýunça gepleşiklere ýaňadan başlamaga taýýardygyny bildirdi. Bu barasynda Ak Tamyň wekili Jeý Karni aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Waşingtonda ýaponiýaly kärdeşi Koitira Gemba bilen gepleşiklerinden soň şeýle diýdi:

—Biz ýene-de Demirgazyk Koreýanyň halky bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga umyt bildirýäris, olaryň abadançylygyna öňkülerimiz ýaly çuňňur alada bildirýäris.

Gemba öz gezeginde regionda durnuklylyk bilen Waşingtonyňam, Tokionyňam, Seulyňam gyzyklanýandygyny nygtady.

Hillari Klinton 17-nji dekabrda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Iriň ölüminden soň, ýurtda häkimiýetiň parahatçylykly geçişi bilen taraplaryň ählisiniň gyzyklanýandygyny belledi.

Günbatar döwletler Demirgazyk Koreýa gynanç bildirmedigem bolsa, bu ýurtdaky matam döwrüne hormat goýýandyklaryny aýtdylar. Demirgazyk Koreýanyň ýeke-täk soýuzdaşy Hytaý Phenýana duýgudaşlyk bildirdi, hyzmatdaşlygyň dowam etjegine ynam bildirdi.

Kim Çen Iriň ornuny onuň ogly Kim Çen Unyň tutjakdygy habar berildi.
XS
SM
MD
LG