Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Gazagystandaky wakalara alada bildirýär


Duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Gazagystanyň Žanaozen şäherinde raýatlaryň ölümine getiren wakalara alada bildirip, ýörite beýanat ýaýratdy.

Bu beýanatda ABŞ-nyň Döwlet departamenti Žanaozendäki konfliktlere dahylly ähli toparlary ümsümlige çagyrypdyr we adam ölümine getiren konflikte çuňňur alada bildirýändigini mälim edipdir.

Şeýle hem, Döwlet departamenti Žanaozen şäherinde elektron aragatnaşyk ulgamlarynyň öçürilendigini belläp, Gazagystanyň häkimietlerini ähli aragatnaşyk serişdeleriniň işini gaýragoýulmasyz ýagdaýda we doly derejede ýola goýmaklyga çagyrypydyr.

Geçen hepdäniň anna güni nebitçileriň şäheri hasaplanyýan Žanaozende polisiýa güýçleriniň protestçilere garşy ýarag ulanmaklary netijesinde azyndan 14 adam ölüp, 80 töweregi adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG