Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Murmansk oblastynda matam yglan edildi


Orsýetiň Murmansk oblastynda şu gün Ohot deňzinde burawlaýjy platformanyň gark bolmagy zerarly matam yglan edildi.

Betbagtçylygyň bolan ýerinde halas ediş işleri dowam etdiriler. Gözlege üç gämi, üç wertolýot hem bir uçar gatnaşýar.

Soňky maglumatlara görä, duşenbe güni 14 adamyň jesedi tapylyp, ýene 14 adamy halas etmek başardypdyr. At-dereksiz ýiten 39 adam gözlenýär.

“Kolskaýa” platformasynda betbagtçylyk ýüze çykan wagty 54 ekipaž agzasy bilen 13 ýolagçy bar eken.

Heläkçilik 18-nji dekabra geçilýän gije boldy.
XS
SM
MD
LG