Sepleriň elýeterliligi

Moskwada köpadamly protest mitingi geçiriler


Hepdäniň şenbe güni – 24-nji dekabrda Moskwada Akademik Saharow köçesinde “Adalatly saýlawlar üçin” at bilen geçiriljek mitinge çykmaga taýýardygyny sosial setde 40 müň adam mälim etdi.

150 gowrak tanymal medeniýet işgäri mitinge gelmäge çagyryşly ýüzlenmäniň aşagyna gol çekdi.

Duşenbe güni mitingiň guramaçylyk komitetiniň maslahaty bolup, onda çykyş etjekleriň sanawy hem internet arkaly ses bermegiň şygarlary makullandy.

Oppozision syýasatçylar Boris Nemsow, Wladimir Ryžkow “Putine ýeke sesem bermeli däl!” diýen şygary teklip etdi.

12-nji dekabrda Moskwanyň Bolotnyý meýdanynda Döwlet Dumasyna geçirilen saýlawlardaky galplyklara garşy geçirilen mitinge elli bilen ýüz müň aralygynda adam gatnaşypdy.
XS
SM
MD
LG