Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň paýtagty Minskde onlarça adam saklandy


2010-njy ýylyň 19-njy dekabr wakalaryny ýatlamak üçin protest aksiýasyny geçirmäge synanyşyk wagty Belarusyň paýtagty Minskde onlarça adam saklandy.

Bir ýyl mundan öň prezident saýlawlarynyň resmi netijeleri bilen ylalaşman, köçä çykan adamlaryň mitingi güýç bilen basylyp ýatyrylypdy hem ýüzlerçe adam urlupdy we saklanypdy. Şolardan onlarça adam, şol sanda prezidentlige kandidat bolan birnäçe syýasatçy uzak wagtlyk türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Azatlyk Radiosynyň korrespondenti Minskde kelisäniň ýanynda syýasy tussaglar hem Belarusda özgerişler üçin köpçülikleýin doga-dilege ýygnanan 30 adamyň saklanandygyny habar berdi.

Şem ýakmak islänlerden-de onlarça adam saklanypdyr. Şolaryň arasynda öňki syýasy tussaglar Nikita Lihowis hem Wasiliý Parfenow bar.
XS
SM
MD
LG