Sepleriň elýeterliligi

Ukraina-Ýewropa Bileleşigi sammiti tamamlandy


Duşenbe güni Kiýewde bolan Ukraina-ÝB sammitinde erkin söwda zolagyny döretmek baradaky Şertnama boýunça uzaga çeken gepleşikleriň tamamlanandygy habar berildi.

Sammitde Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman wan Rompeý “gepleşikleriň tamamlanmagy prosesiň tamamlanandygyny aňlatmaýar” diýdi.

Şernama gol çekilmegini hem onuň makullanmagyny Brýussel geljek ýylyň güýzünde Ukrainada boljak parlament saýlawlarynyň adalatly geçirilmegi bilen baglanyşdyrýar.

Mundanam başga ÝB ýurtda söz azatlygy bilen bagly ýagdaýa hem ukrain sud sistemasynyň syýasylaşdyrylmagyna alada bildirýär. Herman wan Rompeý bu barada şeýle diýdi:

—Ukrainada duýarlyk derejede demokratiýa bilen bagly ýagdaýyň ýaramazlaşmagy, hukugyň gowşamagy ÝB-e agza ýurtlara, biziň döwletlerimiziň jemgyýetçiligine, Ýewroparlamente täsir ýetirýär. Biziň uly aladamyz – Ukrainada sud prosesleri geçirilende, ondaky syýasy äheňler bilen bagly. Timoşenkonyň işi boýunça proses muňa aýdyň mysal.
XS
SM
MD
LG