Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Baş Assambleýasy täze rezolýusiýa kabul etdi


BMG-nyň Baş Assambleýasy Siriýada, Eýranda we Demirgazyk Koreýada adam hukuklarynyň bozulmalaryny ýazgarýan rezolýusiýa kabul etdi.

Siriýa boýunça rezolýusiýa 133 ýurt tarapdar, diňe 11 ýurt garşy bolup ses berdi. Ýene-de 43 ýurt ses bermekden saklandy.

Howpsuzlyk Geňeşi Siriýa boýunça Orsýetiň teklip eden rezolýusiýasynyň proýektine-de seredýär. Bu dokument Siriýanyň içki konfliktinde taraplaryň ählisiniň ulanýan zorluklaryny ýazgarýar, ýurduň häkimiýetlerine şäherlerden goşunlary çykarmagy, halkara synçylary ýurda goýbermegi, syýasy tussaglary azat edip, oppozisiýa bilen gepleşiklere başlamagy teklip edýär. Ýöne Damaskyň garşysyna sanksiýalar barasynda hiç zat aýdylmaýar.

Günbatar döwletler bu teklip edilýän rezolýusiýany Başar al-Assad hem onuň hökümeti bilen bagly ýeterlik derejede berk däl hasap edýär.
XS
SM
MD
LG