Sepleriň elýeterliligi

Kim Çen Iriň mirasdüşerligi meselesi örboýuna galdy


Demirgazyk Koreýanyň awtoritar lideri Kim Çen Iriň tarpa-taýyn aradan çykmagy bilen, indi onuň ornuny kimiň eýelejekdigi baradaky mesele hem örboýuna galdy.


Wideo: Demirgazyk Koreýany uzak wagtlap dolandyran Kim Çen Iriň jesedi 20-nji dekabrda Phenýandaky memorial köşge getirildi. Onuň kiçi ogly Kim Çen Un zyýarata ýokary derejeli harbylar we Işçi partiýasynyň resmileri bilen geldi.

Hepdäniň duşenbe güni Demirgazyk Koreýanyň awtoritar lideri Kim Çen Iriň aradan çykandygynyň resmi ýagdaýda yglan edilmeginiň yzy bilen, ýurdun KCNA habar agentligi onuň kiçi ogly Kim Çen Uny “beýik oruntutar” hem-de “partiýanyň, goşunyň we halkyň deňsiz-taýsyz lideri” diýip wasp etdi.

Kim Çen Ir harby birikmede, 2-nji noýabr, 2011-nji ýyl.

Kim Çen Ir harby birikmede, 2-nji noýabr, 2011-nji ýyl.

Onuň öz kakasynyň oruntutary bolmagyna garaşylýandygyna garamazdan, ýaşy 30-a golaýlan diýlip çaklanylýan Kim Çen Unuň nähili häkimiýet ygtyýarlyklaryny öz eline alyp biljekdigi we onuň näderejede liderlik wezipesine taýýardygy hem sorag astynda bolmagynda galýar.

Daşarky dünýäden izolirlenen bu ýurtda häkimiýetiň Kim Çen Una geçiş prosesiniň näderejede durnukly we dawa-jenjelsiz geçjekdigi baradaky mesele Günbatary-da aladalandyrman durmaýar. Sebäbi, käbir synçylar Demirgazyk Koreýanyň dolandyryş toparlarynda häkimiýet ugrunda göreşiň ýüze çykmak ähtimallygyny-da aradan aýyrmaýarlar.

Düýbi Londonda ýerleşýän “Economic Intelligence Unit” atly barlaglar guramasynyň neşir işleri boýunça bölüminiň direktory, Demirgazyk Koreýa meselesi boýunça bilermen Robert Ward 30-a golaýlan diýlip çaklanylýan Kim Çen Unuň döwlete liderlik etmäge näderejede taýýardygy baradaky meseläniň özüni sorag astynda goýýar:

—Meniň pikirimçe, häzir 27 ýaşlaryndaky Kim Çen Un hiç hili synagdan geçmedik adam. Onuň kakasy Kim Çen Iriň saglyk ýagdaýy örän ýaramazlaşandan soň, soňky birki ýyl bäri häkimiýeti onuň ogluna tabşyrmak işi dowam edip geldi. Ýöne onuň bu kiçi ogly örän läliksiredilen we, meniň pikirimçe, kakasynda bar bolan başarnyklara hem-de syýasy hilegärliklere eýe däl.

Kim Çen Un

Kim Çen Unuň (ortada) şahsyýeti barada daşarky dünýäde örän az maglumatlar bar.

Kim Çen Unuň (ortada) şahsyýeti barada daşarky dünýäde örän az maglumatlar bar.

Kim Çen Unuň şahsyýeti barada daşarky dünýäde örän az maglumatlar bar. Habar serişdeleriniň maglumatyna görä, ol Kim Çen Iriň üçünji aýaly, käri boýunça tansçy Ko Ýong Haýdan bolan ogly.

Maglumatlara görä, Kim Çen Un 1998-nji ýyla çenli galp at bilen Şweýsariýadaky halkara mekdepde okapdyr. Şweýsariýanyň “L’Hebdo” gazeti Kim Çen Unuň 15 ýaşynda bu mekdebiň attestatyny-da almazdan, ýurduna dolanandygyny ýazýar.

Bu gazet Kim Çen Unuň klasdaşlarynyň sözlerine salgylanmak bilen, onuň ýygra, kän bir geplemezek okuwçy bolandygyny, şeýle hem lyžada typmagy we basketbol oýnamagy gowy görendigini ýazýar.

Emma, Günorta Koreýanyň “The Korea Herald” gazeti Kim Çen Unuň örän ýaşlykdan awtoritarlyk we liderlik hil-häsiýetlerini kämilleşdirendigini öňe sürýär. Şeýle hem, Şweýsariýadan öz ýurduna dolanyp gelenden soň, onuň Demirgazyk Koreýanyň Kim Ir Sen adyndaky Harby uniwersitetinde okandygy barada-da maglumatlar bar.

Kim Çen Un 2009-njy ýyldan başlap öz kakasynyň oruntutary boljak şahsyýet hökmünde tanalyp başlandy.

Onuň hiç hili harby ýolbaşçylyk tejribesiniň ýoklugyna garamazdan, geçen ýyl oňa dört ýyldyz pogonly generallyk çini hem-de partiýanyň ýokary ýolbaşçylyk wezipelerinden biri berildi. Oňa bu wezipeleri bermek baradaky karar ýurduň dolandyryjy partiýasy bolan Koreýa Işçiler partiýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp gurnalan şowhunly dabarada, uly halk mähellesiniň öňünde yglan edildi.

Şol dabarada döwlet lideri Kim Çen Iriň aýal dogany Kim Kýong Huiýe hem dört ýyldyz pogonly generallyk çini berildi.

Käbir synçylar şu Kim Kýong Huiniň äri Ýaň Soň Taekiň Demirgazyk Koreýada ikinji lider hasaplanylýandygyny öňe sürýärler. Çaklamalara görä, Kim Çen Iriň kiçi ogly liderlik wezipesini eýelän halatynda, Ýaň Soň Taek we onuň aýaly döwlet dolandyryş işinde möhüm rol oýnamaklaryny dowam etdirerler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG