Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hödürlenen dalaşgärler bäsdeş bolup bilermi?


2007-nji ýylda alty dalaşgäriň gatnaşmagynda geçirilen saýlawlarda Gurbanguly Berdimuhamedowyň 90 prosente golaý ses toplanlygy resmi derejede yglan edilipdi.
2007-nji ýylda alty dalaşgäriň gatnaşmagynda geçirilen saýlawlarda Gurbanguly Berdimuhamedowyň 90 prosente golaý ses toplanlygy resmi derejede yglan edilipdi.

2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda boljak Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek kampaniýasy dowam edýär. 19-njy dekabrda ýene üç dalaşgär hödürlendi. Geçen hepdede dalaşgär hökmünde hödürlenen prezident Gurbanguly Bedimuhamedowyň kandidaturasy bilen bilelikde şu günki gün Türkmenistanyň döwlet baştutany wezipesine dört adam dalaş edýär. Prezidentlik saýlawlary kampaniýasynyň häzirki gidişinde açyk-aýdyň saýlawlara we adalatly bäsdeşlige nähili mümkinçilik bar?


Geljekki saýlawlarda Gurbanguly Berdimuhamedowdan başga Türkmenistanyň prezidentligine kandidat hökmünde üç adam hödürlendi. Olaryň biri Daşoguz welaýat häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary Rejep Bazarow, ikinjisi Türkmenistanyň Deňiz we derýa transporty döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary Rozygeldi Rozygulyýew we üjünjisi-de Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkimi Myratgeldi Jumageldiýew.

Bu kandidatlar Türkmenistanyň Oba-hojalygy uniwersitetinde oba-hojalyk bileleşikleriniň we pudak işgärleriniň bilelikdäki maslahatynda hödürlendi. Dalaşgärleriň hödürlenmegi saýlaw kampaniýasynyň möhüm tapgyrydyr.

Türkmenistanyň hökümeti 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda boljak prezidentlik saýlawlary açyk we adalatly bolar, şeýle-de demokratiýanyň kadalaryna laýyk geçiriler diýip, wada beripdi. Emma Türkmenistandaky şertler bir partiýaly syýasy-jemgyýetçilik gurluşy, saýlaw kampaniýasynyň gurnalyşy, ýurtda giňden tanalmaýan şahslaryň dalaşgär hökmünde hödürlenmegi bilen halkara derejesinde ykrar edilen saýlaw düzgünlerinden tapawutlanýar.

Garaşsyz synçylar bu ýagdaýda ilatyň erk-isleginiň mälim edilmegine we saýlawlaryň bäsleşlikli geçirilmegine mümkinçilik görmeýärler we häzirki saýlaw kampaniýasynyň 2007-nji ýylyň prezidentlik saýlawlaryny ýada salýanlygyny aýdýarlar. Şonda alty dalaşgäriň gatnaşmagynda geçirilen saýlawlarda Gurbanguly Berdimuhamedowyň 90 prosente golaý ses toplanlygy resmi derejede yglan edilipdi.

Köppartiýalylyk ýok

Londonda ýerleşýän “Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynyň” Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Jon MakLoudyň pikirine görä, häzirki ýagdaýda hem diňe bir kandidatyň ýeňiş gazanjagyna garaşmak mümkin. Jon MakLoud prezident Berdimuhamedowyň şu ýyl köppartiýalylyga ýol açmak we saýlawlara ýurduň daşyndaky oppozisiýany gatnaşdyrmak barada beren wadalarynda tapylmanlygyny belleýär:

Ýurduň içinde syýasy oppozisiýanyň, graždan jemgyýetçiliginiň we erkin metbugatyň bolmazlygy özgerişe tarap hiç hili mümkinçilik galdyrmaýar.
—Ýurduň içinde syýasy oppozisiýanyň, graždan jemgyýetçiliginiň we erkin metbugatyň bolmazlygy özgerişe tarap hiç hili mümkinçilik galdyrmaýar. Içerki oppozisiýanyň, graždan jemgyýetçiligi we garaşsyz media ýaly şertleriň ýoklugynda hiç zadyň üýtgemejegi mese-mälim görnüp dur.

Türkmenistanyň daşynda hereket edýän oppozision toparlar prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak isleglerini yglan edýärler. Şu ýylyň iýul aýynda prezident Berdimuhamedow oppozisiýanyň saýlawlara deňhukukly gatnaşmagyna şert döretjegini aýdansoň, hususan-da “Watan” atly syýasy-jemgyýetçilik hereketi we “Respublika” partiýasy türkmen hökümetine ýüzlenseler-de, hiç hili jogap almadylar.

Oppozision “Watan” hereketiniň lideri Hudaýberdi Orazow oppozisiýa gatnaşdyrylmasa, saýlawlaryň bäsleşikli bolup bilmejegini aýdýar:

—Eger oppozisiýa gatnaşanda, onda ýurduň daşyndaky adamlaram, ýurduň içindäki adamlaram, oppozisiýa girmeýän adamlaram gatnaşyp bilerdiler. Şonda bu ýurduň içinde saýlawlaryň, dogrudanam, erkin geçýändigini görkezerdi. Häzirki syýasy ýagdaýda bäsdeşlige şert döremegi üçin özgerişlige ýa ýolbaşçylar derejesinde isleg döremeli ýa-da bu halk tarapyndan talap edilmeli. Özgeriş ýokardanam gelip biler, aşakdanam başlanyp biler. Emma nireden bolsa-da, gelmeli.

Postsowet döwletlerindäki tejribe

Gazagystanly bilermen, “Jemgyýetçilik problemalary boýunça analiz merkeziniň” müdiri Miruet Mahmudowa syýasy bäsdeşlige ýol bermezlik usulynyň postsowet döwletleriň köpüsinde saklanyp galýan häzirki syýasy gurluşyň binýadydygyny aýdýar:

Häzirki döwlet baştutanlary özlerine bäsdeş bolup biljek mynasyp adamyň ýoklugy barada halkda emeli ýol bilen pikir döretmäge çalyşýarlar.
—Şeýdip, häzirki döwlet baştutanlary özlerine bäsdeş bolup biljek mynasyp adamyň ýoklugy barada halkda emeli ýol bilen pikir döretmäge çalyşýarlar. Emma bu ýagdaý postsowet ýurtlarynda halka we döwlete ýolbaşçylyk etmäge mynasyp şahslaryň ýokdugyny aňlatmaýar. Türkmenistanda hem, Gazagystanda hem ýurda, halka ýolbaşçylyk etmek üçin mynasyp kandidatlar az däl diýip, pikir edýärin.

Miruet Mahmudowa syýasy-jemgyýetçilik taýdan ösüşiň ähmiýetini hem nygtaýar:

—Emma şeýle ösüşe ýol berilmedik ýagdaýynda häkimiýet çalşygy açyk-aýdyň we bäsleşikli saýlawlar netijesinde däl-de, köşk agdarylyşygy netijesinde bolýar. Biziň ýurtlarymyzda häkimiýet çalşygy erkin, açyk we adalatly saýlawlar netijesinde däl-de, haýsy-da bolsa bir köşk agdarylyşygy netijesinde amala aşyrylar.

Dalaşgärleriň erkinlik we deňhukuklylyk esasynda hödürlenmegine, saýlaw prosesiniň açyk-aýdyňlyk, agitasiýa azatlygy we ähli kandidatlar üçin deň şertleriň esasynda amala aşyrylmagyna “Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary baradaky” döwlet kanunynda kepil geçilýär.

Dalaşgärleri hödürlemek işi saýlawlara 30 gün galanda tamamlanmaly.
XS
SM
MD
LG