Sepleriň elýeterliligi

"Ýamal": türkmen tele we radio gepleşikleri wagtlaýynça ýatyryldy


Şu gün Türkmenistanyň resmi habar agentligi “Ýamal” sputniginde ýüze çykan tehniki näsazlyklar sebäpli bu sputnik arkaly efire berilýän milli tele we radio gepleşikleriň wagtlaýynça ýatyrylandygyny habar berdi.

“TurkmenistanRu” internet saýtynyň ýazmagyna görä, “Ýamal-201” sputnigi arkaly Türkmenistanyň tele we radio gepleşikleri şu günki güne çenli dünýäniň 40-dan gowrak ýurduna ýetirilip gelinýär.

Maglumata görä, bu sputnige eýelik edýän “Gazprom – kosmos sistemasy” ýüze çykan näsazlyklaryň şu günüň dowamynda düzediljekdigini tassyklapdyr.
XS
SM
MD
LG