Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa “terrorçylary ýaraglandyrana” ölüm jezasyny berýär


Şu gün Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad terror işlerine ýardam bermek üçin adamlary ýarag bilen üpjün etmekde günäli tapylan adama ölüm jezasyny bermek barada ýörite permana gol çekdi.

Siriýanyň hökümeti soňky dokuz aý bäri ýurtda dowam edip gelýän protest çykyşlaryny jenaýatçy ýaragly toparlaryň we terrorçylaryň gurnaýan bikanun bulagaýçylygy diýip atlandyryp gelýär.

Duşenbe güni uzaga çeken bökdençliklerden soň, Siriýanyň hökümet resmileri bu ýurda daşary ýurt synçylaryny goýbermek baradaky ylalaşyga gol goýdular.

Bu baradaky protokola duşenbe güni Müsüriň paýtagty Kairde Siriýanyň we Arap Ligasynyň wekilleri gol çekdiler. Ýöne bu protokola görä, synçylaryň anyk haçan bu ýurda goýberiljekdikleri barada häzirlikçe maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG