Sepleriň elýeterliligi

Yragyň wise-prezidenti özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär


Şu gün Yragyň wise-prezidenti Tarik al-Haşimi özüne terrorçylykly işlerde güman bildirilmegini “galplaşdyrylan iş” diýip atlandyryp, çykyş etdi.

Hepdäniň duşenbe güni Yragyň Içeri işler ministrligi wise-prezident Tarik al-Haşimi tussag astyna almak barada orderiň çykarylandygyny mälim etdi. Içeri işler ministrligi Tarik al-Haşimini ýurduň käbir hökümet resmilerini öldürmek barada öz gorag toparyna görkezme berenlikde aýyplaýar.

Howpsuzlyk resmileri oňa bildirilýän aýyplamalaryň “al-Haşemi” atly gizlin terror guramasynyň tussag edilen agzalarynyň şaýatlyk görkezmelerine esaslanýandygyny aýdýarlar.

Yragyň “Irakiýa” atly dünýewi syýasy blogynyň liderlerinden biri, wise-prezident Tarik al-Haşimi şu gün Arbil şäherinde eden çykyşynda özüne bildirilýän bu aýyplamalary “galplaşdyrylan iş” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG