Sepleriň elýeterliligi

D.Koreýanyň mediasy Kim Çen Iriň jesedini görkezdi



Şu gün Demirgazyk Koreýanyň döwlet telewideniýesi ýakynda aradan çykan döwlet lideri Kim Çen Iriň aýna sandykda ýatan jesedini we onuň hormatyna gurnalýan hoşlaşyk çäresini görkezdi.

Hepdäniň duşenbe güni Demirgazyk Koreýanyň döwlet telewideniýesi bu ýurduň awtoritar lideri Kim Çen Iriň 17-nji dekabrda ölendigini habar berdi.

Maglumata görä, 69 ýaşly Kim Çen Ir 17-nji dekabrda otluda barýarka ýürek infarkty sebäpli tarpa-taýyň aradan çykypdyr.

Bu wakanyň yzy bilen, duşenbe güni ýurduň döwlet habar agentligi onuň kiçi ogly Kim Çen Uny “beýik oruntutar” hem-de “partiýanyň, goşunyň we halkyň deňsiz-taýsyz lideri” diýip wasp etdi.
XS
SM
MD
LG