Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Nemsowyň telefon gürrüňi internetde peýda boldy


Şu gün Orsýetiň oppozisiýa liderlerinden biri Boris Nemsow öz telefon gürrüňdeşliginiň audio ýazgysynyň internetde peýda bolmagynda Kremli aýyplap çykyş etdi.

Bu ýazga geçirilen telefon gürrüňdeşligi, esasan, Boris Nemsowyň öz syýasy egindeşlerini we käbir beýleki oppozisiýa liderlerini tankyt edýän sözleriniň ýazgysy bolup çykdy.

Bu audio ýazgy hepdäniň duşenbe güni Orsýetiň hökümetine ýakyn internet saýtlarynyň birinde peýda boldy.

Boris Nemsowyň adwokaty Wadim Prohorow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu bolan işde prezident administrasiýasynyň eliniň bar bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG