Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda prezidentlige kandidat görkezilenler 8-e bardy


Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň, birleşikleriniň, şeýle-de graždanlaryň inisiatiwa toparlarynyň wekilleriniň täze maslahatlary bolup, 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda boljak Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlaryna 8 kandidat hödürlendi diýip, TDH habar berýär.

Maglumata görä, Aşgabatda ýurduň ykdysadyýetçiler birleşigi bilen “Türkmengaz” döwlet konserni “Marygazçykaryş” edarasynyň başlygy Kakageldi Abdyllaýewi, Ahal welaýatynyň şäher we etrap wekilleri Babadaýhan etrabynyň häkimi Aýdogdy Kakabaýewi, Balkan welaýat administratiw merkeziniň inisiatiwa topary “Türkmennebitgeofizika” edarasynyň başlygy Nikita Rejebowy, Mary welaýatynyň şäher we etrap wekilleri “Maryazot” önümçilik birleşiginiň direktory Myrat Çarygulyýewi prezidentlige kandidat hökmünde hödürlediler.

Mundan öň Lebap welaýatyndan iki, Daşoguzdan bir kandidat hödürlenipdi.

15-nji dekabrda Türkmenistanyň Dempartiýasy, ýaşlar, aýallar, uruş weteranlary we kärdeşler arkalaşygy guramalary bilelikde geçirilen maslahatda Gurbanguly Berdimuhamedowy prezidentlige kandidat görkezipdi.

“Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary hakyndaky kanuna” laýyklykda kandidaty hasaba aldyrmak üçin Türkmenistanyň şäherleriniň we etraplarynyň 30%-den inisiatiwa toparlary her kandidata 10 müň gol ýygnamaly.
XS
SM
MD
LG