Sepleriň elýeterliligi

Çehiýada üç günlük matam başlanýar


Şu gün Çehiýada ýurduň öňki prezidenti Waslaw Haweliň aradan çykmagy bilen bagly üç günlük matam başlanýar. Praganyň merkezinden ýas ýörişi geçirilýär.

Waslaw Haweliň jesedi salnan tabyt ähli harby hormatlaryň berjaý edilmeginde medeni merkezleriň birinden çeh prezidentleriniň rezidensiýasyna - Praga grada getirilip goýlar. Geçen iki günde Hawel bilen hoşlaşyga onlarça müň adam geldi.

Jaýlanyş çäresi 23-nji dekabrda bolar. Oňa ençeme daşary ýurt ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Waslaw Hawel dramaturg, esseçi, öňki dissident bolmak bilen, kommunistik režimiň soňuna nokat goýan “Mahmal rewolýusiýasyndan” soň, 1989-njy ýylda Çehoslowakiýanyň prezidentligine saýlanypdy. Ol 1993-2003-nji ýyllar aralygynda Çehiýanyň prezidenti bolupdy.
XS
SM
MD
LG