Sepleriň elýeterliligi

Türk žurnalistleri protest aksiýasyny geçirdi


Sişenbe güni giçlik Türkiýäniň Stambul şäherinde 300-e golaý žurnalist Türkiýede soňky günler žurnalistlere garşy geçirilýän derňew işlerine protest bildirip, demonstrasiýa geçirdi.

Sişenbe güni irden Türkiýäniň howpsuzlyk işgärleri ýurduň dürli raýonlarynda terror işleri bilen baglanyşykly alyp barýan operasiýalarynda 38 adamy tussag etdiler. Olaryň aglabasynyň žurnalistlerdigi aýdylýar.

Soňky günler Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleri Kürdüstan işçiler partiýasynyň ýaragly hüjümleri bilen baglanyşykly diýip alyp barýan operasiýalarynda başga-da onlarça žurnalisti tussag astyna aldy.
XS
SM
MD
LG