Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawlarda GDA-dan synçylaryň roly güýçlendiriler


GDA-nyň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, Arkalaşygyň Moskwada geçirilen sammitinde bu gurama girýän ýurtlaryň prezident we parlament saýlawlarynda GDA-dan synçylaryň roluny güýçlendirmek kararyna gelindi.

GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew sammit tamamlanandan soň: “Günbatarly synçylar saýlawlardan kemçilik tapyp, ony saýlawlaryň ahyryna çenli saklamagy baş maksat edip goýýarlar, soňam köpçülikde kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny yglan edýärler” diýdi.

Lebedewiň pikiriçe, GDA-nyň synçylary “obýektiwlik we içerki işlere goşulyşmazlyk prinsiplerinden ugur almaly”.
XS
SM
MD
LG