Sepleriň elýeterliligi

Student gyz $88 milliona Manhettende jaý satyn aldy


Orsýetli milliarderiň 22 ýaşly gyzy Ýekaterina Rybalowlewa Manhettende 88 million dollara kwartira satyn almak bilen Nýu-Ýorkuň bazarynda täze rekord goýdy diýip, "Forbes" žurnaly habar berýär. Mundan öňki rekord “Citigroup” maliýe birleşiginiň baştutany Senford Waýlla degişlidi.

Ýekaterina Orsýetde dökün öndürýän iň uly kärhanalaryň biri – "Uralkaliniň" öňki eýesi Dmitriý Rybalowlewiň gyzydyr. Ol amerikan uniwersitetleriniň biriniň studenti, şu wagta çenli Şweýsariýada we Monakoda ýaşady diýip, "Forbes" žurnaly ýazýar.
XS
SM
MD
LG