Sepleriň elýeterliligi

Nemsowyň telefon gürrüňleri internete ýerleşdirildi


Boris Nemsow telekanalda eden çykyşyndan soň, Moskwa, 20-nji dekabr, 2011.

Boris Nemsow telekanalda eden çykyşyndan soň, Moskwa, 20-nji dekabr, 2011.

Şu hepde Kremle tarapdar websaýtlardaň biri orsýetli oppozisiýa lideri Boris Nemsowyň şahsy telefon gürrüňdeşlikleriniň ýazgysyny internete ýerleşdirmek bilen, oppozisiýa edilýän basyşlary has-da artdyrdy.

Orsýetde hökümete garşy planlaşdyrylýan uly gerimdäki protest çykyşlarynyň öňýany Kremle tarapdar internet saýtlarynyň birinde peýda bolan telefon gürrüňdeşlikleriniň ýazgylaryny orsýetli oppozision aktiwistler öz aralarynda oňşuksyzlyk döretmek üçin gurnalan iş diýip atlandyryp, bu işde ýurduň häkimiýetlerini aýyplaýarlar.

“Lifenews.ru” atly internet saýtynda peýda bolan bu ses ýazgylarynda tanymal oppozisiýa liderlerinden biri Boris Nemsowyň käbir syýasy aktiwistler we oppozisiýa liderleri barada paýyş sözler we epitetler bilen gürrüň edýändigini eşitmek bolýar.

Mysal üçin, ol bu telefon gürrüňdeşlikleriniň birinde daşky sredany goraýjy aktiwist Ýewgeniýa Çirikowany “seýrek duş gelýän ganjyk” diýip atlandyrýar. Başga bir telefon ýazgysynda bolsa, ol protestçileri “homýaklar”, “ösümlikler” we “pingwinler” diýen ýaly sözler bilen atlandyrýar.

Bu ses ýazgylarynyň internetde peýda bolmagynyň yzy bilen, Boris Nemsow “livejournal.com” internet saýtyndaky sahypasynda özüniň gelşiksiz sözleri üçin adamlardan ötünç sorap, ýörite ýazgy ýerleşdirdi.

Bu ýazgysynda ol öz telefon gürrüňdeşlikleriniň ýazgysynyň internet arkaly ýaýradylmagynda Kremli aýyplady we muny 24-nji dekabra planlaşdyrylýan hökümete garşy demonstrasiýalaryň öňýany oppozisiýanyň arasynda bölünişik döretmek synanyşyklary bilen baglanyşdyrdy.

Çirikowadan goldaýjy sözler

Daşky sredany goraýjy aktiwist Ýewgeniýa Çirikowa

Daşky sredany goraýjy aktiwist Ýewgeniýa Çirikowa

Bu ses ýazgylarynda öz adyna-da paýyş sözleriň aýdylýandygyna garamazdan, daşky sredany goraýjy Ýewgeniýa Çirikowa sişenbe güni Boris Nemsowy goldaýjy sözler bilen çykyş etdi. “Twitterde” ýaýradan hatynda ol şeýle ýazdy:

—Medeniýetli adamlar beýlekileriň özara şahsy gürrüňdeşliklerini diňlemeýär. Boris bu işi gurnanlaryň we amala aşyranlaryň burça gabalan adamlardygyna düşünýändir diýip, umyt edýärin.

Şol gün hem Çirikowa bilen Nemsow Orsýetiň “DoždTV” telekanalynda efirde peýda boldular. Öz çykyşynda Boris Nemsow özüniň ötünjini ýene bir gezek gaýtalady:

—Elbetde, meniň gürrüňdeşliklerimiň halk köpçüligine ýaýradylmagy meniň üçin örän ýakymsyz waka. Aslynda, men köpçülikde paýyş sözler ulanyp gürlemeýärin. Öz syýasy eginleşlerimiň we partnýorlarymyň ýanynda-da özümi ele almagy başarýaryn. Ýöne, elbetde, telefonda gürleşenimde her hili ýagdaýlar bolup bilýär. Men özümiň ýalňyşlyk goýberendigime düşünýärin. Men beýle etmeli däldim. Men bu barada eýýäm Ženýadanam (Çirikowadan) we Božena Rynskaýadan hem ötünç soradym.

Boris Nemsowyň adwokaty Wadim Prohorow sişenbe güni Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Nemsowyň şahsy gürrüňdeşliginiň jemgyýetçilige ýaýradylmagy boýunça jenaýat işiniň gozgalmagy üçin hukuk goraýjy organlara ýüz tutmakçydygyny aýtdy. Ol bu barada şeýle diýdi:

—Kimdir-biri telefon gürrüňdeşligini diňläpdir, soň olary audio ýazgylara geçiripdir, soňam internetde ýerleşdirilmegi üçin olary bulwar saýtyna beripdir. Men bu işde prezident administrasiýasynyň gemrijileriniň-de eli ýokdur öýtmeýärin.

Wadin Prohorow Orsýetiň Jenaýat kodeksine laýyklykda kimdir-biriniň şahsy telefon gürrüňdeşliginiň jemgyýetçilige elýeterli edilmeginiň jenaýatdygyny belläp, bu waka boýunça jenaýat işiniň gozgalmagy üçin aýak direjekdigini nygtady.
XS
SM
MD
LG