Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wideo: gazak polisiýasy protestçileri oka tutýar


Gazagystanyň Žanaozen şäherinde ýaragsyz protestçiler gaçyp barýan mahaly, olara garşy polisiýa işgärleriniň ot açyp duran pursadyny görkezýän wideoýazgy internetda peýda boldy.




Wideoýazgyny bu wakalara şaýat bolan bir adam öz öýüniň penjiresinden surata düşerene meňzeýär. Ýazgy sişenbe güni “YouTube” internet saýtynda ýerleşdirildi.

16-njy dekabrda Gazagystanda Garaşsyzlyk güni bellenýän wagty, Žanaozen şäherinde nebitçiler bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyk ýüze çykdy.

Resmileriň maglumatyna görä, gazaply garşylykda 14 adam ölüpdir, şeýle-de 80 adam ýaralanypdyr. Protestçiler ölenleriň hakyky sanynyň köpdügini öňe sürýärler. Ýöne olaryň bu maglumatlaryny barlamak mümkin däl.

Wideoýazgyda protestçileriň we geçip barýan adamlaryň polisiýadan gaçyp barýan pursatlaryny görmek bolýar. Käbir protestçileriň polisiýa daş zyňyp duran pursadyny hem synlamak mümkin.

Mundan soň, arkadan gelýän polisiýa işgärleriniň ýaraglardan ot açyşynyň sesleri eşidilýär. Ok atyşlykda gaçyp barýan bir protestçi ýere ýazylyp, ol hereketsiz ýatmagyny dowam etdirýär. Polisiýa ýerde ýatan prostçileri hem ýençýär.

Gazak resmileri polisiýanyň bu hereketleri “huliganlara” garşy ulanandygyny belläp, howpsuzlyk işgärleriniň ýere we howa ok atandyklaryny aýtdylar. Adam pidalary hem bir zada urlup, ugruny üýtgeden oklar sebäpli döräpdir.

Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň metbugat-wekili Nurdaulet Suindikow 17-nji dekabrda şeýle çykyş etdi:

—Duýduryş oklarynyň atylandygyna garamazdan, üýşmeleň polisiýa hüjüm etmegini dowam etdirdi. Netijede, adamlaryň janyna we saglygyna şikes ýetmeginiň we ýaraglaryň talaňçylaryň eline geçmeginiň öňüni almak maksady bilen, polisiýa işgärleri özleriniň gulluk ýaraglaryny ulanmaga mejbur boldular.

Prezident Nursoltan Nazarbaýew hem polisiýanyň kanunyň çäginde we dörän ýagdaýlara laýyklykda hereket edendigini aýtdy.

Bu wakalara şaýat bolanlar resmileriň öňe sürýän delillerini ret edip, polisiýanyň protestçileri nyşana alyp ot açandyklaryny aýdýarlar.

Gazagystanyň beýleki käbir şäherlerinde protestler çarşenbe güni hem dowam etdi, ýöne tolgunyşyklaryň merkezi ýeri bolan Žanaozende ýagdaýlar kadalaşan ýaly bolup görünýär. Nazarbaýew şäherde geljek ýylyň 5-nji ýanwaryna çenli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi. Žanaozene köp sanda polisiýa we howpsuzlyk işgärleri eltildi.

Žanaozende internet we mobil aragatnaşyk hyzmatlary 16-njy dekabrda togtadylyp, bular diňe sişenbe güni işläp başlapdyr.
XS
SM
MD
LG