Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mäliki Kürdüstan awtonomiýasyndan wise-prezidenti soraýar


Şu gün Yragyň premýer-ministri Nuri al-Mäliki Kürdüstan awtonomiýasynyň häkimiýetlerini Yragyň wise-prezidenti Tarik al-Haşimi merkezi hökümete tabşyrmaklyga çagyrdy.

Yragyň Içeri işler ministrligi “Irakiýa” atly dünýewi sünni syýasy blogynyň liderlerinden biri, wise-prezident Tarik al-Haşimini terrorçylykly işlere dahyllylykda aýyplaýar.

Sişenbe güni Tarik al-Haşiminiň özi özüne bildirilýän bu aýyplamalary “galplaşdyrylan iş” diýip atlandyryp, çykyş etdi.

Ýakynda onuň “Irakiýa” partiýasy koalision hökümetdäki möhüm wezipeleriň aglabasyny premýer-ministr Mälikiniň şaýy partiýasyna degişli resmileriň eýelemeklerine protest bildirip, hökümetiň işine gatnaşmakdan ýüz öwrüp, ony baýkotirläpdi.

Käbir synçylar sünnüleriň syýasy liderlerinden biri bolan wise-prezident Tarik al-Haşimä bildirilýän häzirki aýyplamalaryň Yrakdaky sünni we şaýy toparlarynyň arasynda çynlakaý dartgynlylygyň ýüze çykmagyna sebäp bolmagynyň-da mümkindigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG