Sepleriň elýeterliligi

Sergeý Naryşkin Dumanyň spikeri wezipesine saýlandy


Şu gün Orsýetiň täze saýlanan Dumasy ýurduň prezident administrasiýasynyň ozalky başlygy Sergeý Naryşkini Dumanyň spikeri wezipesine saýlady.

Onuň kandidaturasyny şu gün 450 orunlyk Dumanyň deputatlaryndan 238-si goldap ses berdi.

Ýakynda, 4-nji dekabrda geçirilen parlament saýlawlarynda Orsýetiň dolandyryjy “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy Dumadan 238 orny alypdy.

Ýurduň oppozisiýa toparlary bu saýlawlarda “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasyny öz haýryna sesleri galplaşdyranlykda aýyplap gelýärler.
XS
SM
MD
LG