Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

KHŞG ýurtlary täze bir ylalaşygyň taslamasy boýunça ylalaşdylar


Sişenbe güni GDA Bileleşiginiň çägindäki Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna girýän ýurtlar Moskwada täze bir ylalaşygyň taslamasy boýunça umumy bir ylalaşyga geldiler.

Bu ylalaşygyň taslamasy bu gurama agza ýurtlaryň islendik biriniň öz territoriýasynda daşary ýurt harby bazasyny ýerleşdirmegi üçin bu gurama agza ähli ýedi ýurduň ýedisiniň-de razylygyny almagyny şert edip goýýar.

Ýöne bu taslamanyň kanuny güýje girmegi üçin onuň haçan resmi ýagdaýda tassyklanyljakdygy barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.

Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasyna girýän ýedi ýurtdan üçüsinde, hususan-da, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda häzirki wagt daşary ýurt harby bazalary ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG