Sepleriň elýeterliligi

Siriýada onlarça adamyň öldürilendigi aýdylýar


Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň oppozision toparlaryndan biri sişenbe güni Siriýanyň demirgazygyndaky Idlib prowinsiýasynda harbylaryň ýarag ulanmagy netijesinde onlarça adamyň ölendigini aýdýar.

Siriýanyň ynsan hukuklaryna gözegçilik ediji bu oppozision topary sişenbe güni azyndan 56 sany öldürilen adamyň adyny hasaba alandygyny mälim etdi.

Şeýle hem, bu topar ýerli bir aktiwistiň sözlerine salgylanyp, Idlib prowinsiýasyndaky bir ýerden ýaralanan 121 adamyň keselhana alnyp gidilendigini habar berýär.

Soňky dokuz aý bäri prezident Başar al-Assadyň režimi Siriýadaky demonstrasiýalarda protestçilere garşy ýarag ulanmagyny dowam etdirip gelýär.
XS
SM
MD
LG